Turkmenportal logo
Şu gün 15:40
51145114
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
ABŞ-nyň ilçihanasy iki deňiz konteýnerini kim ýokary söwdalaşygyna çykarýar

27-nji fewraldan 6-njy marta çenli ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy onlaýn görnüşde kim ýokary söwdalaşygyny geçirer. Onda 20 futluk we 40 futluk iki deňiz konteýneri, şeýle hem sürçeklige garşy duz auksion söwdalaşygyna goýlar.

Kim ýokary söwdalaşygy resmi platformada şu salgyda geçiriler: https://online-auction.state.gov. Gatnaşmak üçin saýtda hasaba alynmaly we auksionyň düzgünleri bilen tanyşmaly. Ähli teklipler diňe ABŞ-nyň dollarynda kabul edilýär. Auksion tamamlanandan soň ýeňijilere telefon arkaly habar berler.

Ilçihana ähli satuwlaryň gutarnyklydygyny, harytlaryň bar bolan ýagdaýynda satylýandygyny ýatladýar. Satyn alnan lotlaryň eltilmegi göz öňünde tutulmaýar — alyjylar harydy, şol sanda deňiz konteýnerlerini özbaşdak alyp gitmelidirler. Ýükleme işlerinde kömek berilmeýär.