Turkmenportal logo
Şu gün 15:32
34983498
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda gurluşyk we energetika senagaty boýunça halkara sergi geçiriler

2 — 4-nji aprel aralygynda Aşgabatda «TurkmenBuild-2026» ady bilen gurluşyk we energetika senagaty boýunça halkara sergi geçiriler. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.

Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde guralar. Oňa Türkiýäniň 40-a golaý kompaniýasy, şeýle hem dünýäniň beýleki ýurtlarynyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Sergide gurluşyk we energetika pudagyndaky önümleriň hem-de hyzmatlaryň giň görnüşleri hödürleniler. Hususan-da, gurluşyk materiallary we tehnologiýalary, üçek we diwar ulgamlary, gapy we penjire ulgamlary, aýna, alýumin, polat, sement we gips önümleri, elektrik we energetika ulgamlary, gün energetikasy, «akylly» öý we binalary awtomatlaşdyryş ulgamlary, ýyladyş, sowadyş we howalandyrma, gurluşyk himiýasy we boýaglar, keramika, düşeme örtükleri, şeýle-de seýilgäh we şäher enjamlary bilen tanyşmaga mümkinçilik dörediler.

Serginiň guramaçylary hökmünde «Net Organization» kompaniýasy we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy çykyş edýärler. Türkiýeli hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ähli türkmen telekeçileri sergä gatnaşmaga çagyrylýar.

Giňişleýin maglumatlar serginiň resmi saýtynda ýerleşdirildi: turkmenbuild.com.