Turkmenportal logo
Şu gün 12:18
45054505
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministri iş sapary bilen Aşgabada geler

Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada iş saparyny guramak meselesi Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Azizbek Madmarowyň duşuşygynyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrligiň resmi saýtynda berilýän habara görä, Gyrgyzystanyň bilim we ylym ministriniň Aşgabada saparynyň aprel aýynda amala aşyrmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem taraplar 8 — 13-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçiriljek III Halkara matematika olimpiadasyna gyrgyz mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagyna aýratyn üns berdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar diplomlaryň özara ykrar edilmegi we hünär bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksadalaýykdygyny bellediler.

Gyrgyz tarapy türkmen wekiliýetini 6-njy Bütindünýä Çarwadarlar oýunlarynyň çäklerinde geçiriljek Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmaga çagyrdy.