Turkmenportal logo
Şu gün 11:49
86348634
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Mart aýynda Aşgabatda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda hususy ulgama maýa goýumlaryny çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum geçiriler. Çäräniň meýdançasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bolar. Guramaçylar — Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de «TMT Consulting Group» bolup durýar. Foruma gatnaşjaklary hasaba almaklyk eýýäm başlady, daşary ýurt wekillerine wizalaryň resmileşdirmek we ýerleriň çäkli bolmagy sebäpli arza tabşyrmagy gijikdirmezlik maslahat berilýär.

Forum milli ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny öz içine alar: senagat, logistika, oba hojalygy, maldarçylyk we innowasiýalar. Gatnaşyjylar bu forumda taslamalaryny hödürläp bilerler, göni gepleşikleri geçirip, B2B, B2G we B2C görnüşlerinde türkmen hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklary baglaşyp bilerler.

IFT 2026 öňki forumyň tejribesine daýanýar: 2025-nji ýylda geçirilen çärä 25 döwletiň 500-den gowrak wekili gatnaşypdy, netijede bolsa 21 çarçuwaly ylalaşyk baglaşylyp, 187 iş duşuşygy geçirilipdi.

Forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 18 ýyllygyna bagyşlanyp, 17–19-njy martda geçiriljek hususy işewürligiň gazananlarynyň sergisi bilen utgaşdyrylar. Iki çäräniň utgaşdyrylmagy gatnaşyjylara ýurduň hususy ulgamynyň maýa goýum mümkinçiliklerini doly derejede seljermäge mümkinçilik berer.