24-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Malaýziýanyň Türkmenistandaky Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mohd Suhaimi bin Ahmad Tajuddin bilen iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, onuň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşylyp, taraplar netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky migrasiýa babatynda hyzmatdaşlygyň netijesinde bilelikde amala aşyrylýan çärelere we giň mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, bu ugurda alnyp barylýan ähmiýetli işlerde üstünlikleri arzuw etdiler diýlip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýtynda habar berilýär.