Owganystan özara hormat goýmak esasynda Türkmenistan bilen gatnaşyklary berkitmäge ygrarlydygyny tassyklaýar we iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekçi. Bu barada Owganystanyň Premýer-ministri Alhaj Molla Mohammad Hasan Ahundyň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna ugradan hatynda aýdylýar diýip, TDH habar berýär.
«Owganystan ykdysady durnuklylygyny gazanmaga hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen iri taslamalary durmuşa geçirmekde berýän goldawy üçin Türkmenistana hoşallyk bildirýär. Biz özara hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlydygymyzy tassyklaýarys we doganlyk ýurtlarymyzyň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegi maksat edinýäris» diýlip, hatda bellenilýär.
Mundan başga-da, Ahund Türkmenistanyň Prezidentini we ýurduň halkyny mukaddes Oraz aýynyň gelmegi bilen gutlady. «Mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy mynasybetli Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin» diýip, ol hatynda ýazýar.