Ýewraziýa ösüş bankynyň (ÝÖB) iň täze hasabatyna görä, soňky on ýyllykda Aziýa ýurtlaryndan Merkezi Aziýa gelýän göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň möçberi iki esseden hem köp artyp, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda 68 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Sebit häzirki wagtda Ýewraziýada maýa goýumlary çekiji esasy merkeze öwrüldi.
Hasabatda Aziýa ýurtlarynyň Merkezi Aziýadaky maýa goýumlarynyň 92 göteriminiň diňe üç ýurtda jemlenendigi bellenilýär. Türkmenistan bu sanawda 20,6 milliard amerikan dollarlyk görkeziji bilen Özbegistandan (22,6 milliard amerikan dollary) soň ikinji orny eýeleýär. Gazagystan bolsa 19,3 milliard amerikan dollary bilen üçünji ýerde durýar.
Türkmenistan diňe bir maýa goýum çekmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň arasynda Owganystanyň ykdysadyýetine maýa goýmakda hem öňdebaryjy döwlet hökmünde çykyş edýär. Owganystandaky jemi daşary ýurt maýa goýumlarynyň 52 göterimi (99 million amerikan dollary) Türkmenistana degişlidir. Bu maýa goýumlar esasan düzümleýin we energetika taslamalaryna, aýratyn-da, sebit ähmiýetli TOPH (Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan) gaz geçirijisine gönükdirilendir.
Mundan öň maýa goýumlar esasan çig mal çykaryjy pudaklara gönükdirilen bolsa, häzirki wagtda uly üýtgeşme bolup geçýär. Energetika pudagynyň paýy 2016-njy ýyldaky 2,6 göterimden 2025-nji ýylyň ortalaryna çenli 26 göterime çykdy.
Maýa goýumçylar indi diňe bir nebit-gaz däl, eýsem, elektrik energetikasy we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bilen hem gyzyklanýarlar. Bu ugurda Pars aýlagy ýurtlary we Hytaý iň işjeň taraplar bolup durýarlar.
Ýewraziýa ösüş bankynyň bilermenleri Merkezi Aziýanyň maýa goýum geljeginiň örän ýokarydygyny we sebitiň ählumumy ykdysadyýetdäki ornunyň mundan beýläk-de pugtalanjakdygyny çaklaýarlar.