Turkmenportal logo
Şu gün 15:26
44544454
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary gastrol saparynyň çäklerinde Baku şäherinde çykyş eder

Türkmenistanyň Döwlet sirki Azerbaýjanyň paýtagtynda uly göwrümli sirk maksatnamasyny hödürlär. Çykyşlar «Circus Sea Breeze» arenasynyň meýdançasynda geçiriler.

Maksatnamanyň esasy bölegi 2025-nji ýylda Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk festiwalyň ýeňijisi bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy bolar. Maksatnamada sirk sungatynyň beýleki dürli žanrlarynyň artistleriniň çykyşlaryna hem giň orun berler.

Nowruz baýramy mynasybetli guramaçylar ýörite bahalary yglan etdiler: 14-nji, 15-nji we 20-nji martda ähli seanslar üçin petekleri 15 azerbaýjan manadyndan satyn almak mümkin. Tomaşaçylara ýeňillik döretmek maksady bilen, «Koroğlu» metro stansiýasyndan ýörite awtobus gatnawlary ýola goýlar.

Petekler iTicket.az saýtynda we şäheriň ähli kassalarynda satuwa çykaryldy.