Turkmenportal logo
Şu gün 14:42
39573957
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda DÖM-e ýetmegi çaltlandyrmak boýunça BMGÖM-iň taslamasynyň 4-nji tapgyryna badalga berildi

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi «Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmegi çaltlandyrmak üçin hyzmatdaşlyk» atly bilelikdäki taslamanyň dördünji tapgyryna badalga bermek bilen özleriniň strategik hyzmatdaşlygyny dowam etdirdiler.

Taslamany dowam etdirmek baradaky ylalaşyk Türkmenistanyň milli ileri tutýan ugurlaryny öňe sürmekde uzakmöhletli hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny alamatlandyrýar. BMGÖM-iň metbugat beýanatynda bellenilişi ýaly, bu resminama ýurduň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ulgamyndaky Gün tertibine we 2016-njy ýylyň sentýabrynda resmi taýdan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryna ygrarlydygyny tassyklaýar.

Taslamanyň dördünji tapgyry DÖM-leri netijeli durmuşa geçirmek we olara gözegçilik etmek üçin Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini has-da berkitmäge gönükdirilendir. Esasy üns Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça üçünji Meýletin Milli synyny taýýarlamagyň çäklerinde ösüşi maliýeleşdirmek başlangyçlaryny ornaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdiriler. Şeýle hem taslama sebit derejesinde durnukly ösüş ýörelgelerini utgaşdyrmak üçin ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

«Bu strategik hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň milli gurallaryny berkitmäge we ýurduň ähli sebitlerinde durnukly ykdysady hem-de durmuş ösüşi üçin şertleri döretmäge ýardam eder» diýip, BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili, hanym Narine Saakýan belledi.

BMGÖM-iň we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň bilelikdäki taslamasy Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara hyzmatdaşlarynyň we raýat jemgyýetiniň tagallalaryny Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda birleşdirýän möhüm platforma öwrüler.