Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew özüniň Permany bilen Sankt-Peterburg şäherinde penjireden gaçan çagany halas eden Haýrullo Ibadullaýewi «Žasorat» (Edermenlik) medaly bilen sylaglady. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat kätibi Şerzod Asadowa salgylanýan «Ria.ru» habar berdi.
Munuň öňüsyrasy Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Petrozawodsk köçesindäki ýaşaýyş jaýynyň ýedinji gatyndaky penjireden gaçan alty ýaşly oglanjygy halas eden howly süpürijiniň özbek raýatydygy habar berildi. Erkek kişi ony howada tutmagy başarypdyr. Şol wagt oglanjygyň ejesi beýleki otagda ekeni. Ibadullaýewiň şikes alandygy habar berildi.
«Rossiýa segodnýa» halkara media-toparynyň we RT teleýaýlymynyň baş redaktory Margarita Simonýan howly süpürijiniň merhum žurnalist, kinorežissýor ýanýoldaşy Tigran Keosaýanyň adyna döredilen baýraga mynasyp bolandygyny habar berdi. Baýragyň bir million rubl möçberdäki pul sylagy Ibadullaýewiň hasabyna geçirilipdir. Pul sylagyny ol kakasynyň bejergisine we öý gurmaga sarp etmek üçin Özbegistandaky maşgalasyna iberdi diýlip, habarda bellenýär.