Türkmen milli senenamasyna görä 21-nji fewralda Ahyrky garagyş döwri tamamlandy. Milli senenama laýyklykda, häzir Türkmenistanda «Çarwa Nowruzy» döwri başlandy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada şeýle bellenilýär:
«Bu ýyl hem ata-babalarymyzyň ýyldyz senenamasynda bellenilişi ýaly, ýaz pasly öz wagtynda geldi.
Uzak ýyllaryň tejribesi esasynda düzülen we Gündogarda ykrar edilen bu senenamada ýyl 12 döwre bölünýär. Şonuň dört döwrüni öz içine alýan gyş pasly 23-nji noýabrda Garagyş bilen başlanyp, 21-nji fewralda Ahyrky garagyş bilen tamamlanýar. Onsoň togsan dolup, ýere ýyly gidýär. Bu ýagdaýy hemmeden öň duýýan ösümliklere jan girip, olar pyntyk ýaryp başlaýar. Halk senenamasynda bu döwre «Çarwa Nowruzy» diýlipdir. Sebäbi hut şu döwrüň başlanmagy bilen, çarwalar mallardan önüm alyp ugraýarlar.
Fewral aýynyň aýagyndan tä martyň ahyryna çenli doglan guzular sagdyn bolup, çalt ulalýarlar. Sebäbi olaryň emýän owuz süýdi howanyň salkyn wagty çalt we gowy özleşýär. Aprel aýyndan howanyň gyzyp başlamagy bilen, süýtden doýan guzularyň güneşläp ýatmagy olaryň garnyndaky süýdüň uýap, turşap, dürli keselleriň döremegine getirip bilýär.
Ine, şu ýagdaýa synçylyk bilen göz ýetiren çarwalar owlak-guzy möwsümini Çarwa Nowruzy döwründe tamamlanlaryny kem görmeýärler. Belli-belli ýyllaryň şu döwründe howanyň birden üýtgäp, gazabyna tutýan wagtlary-da bolýar. Gyşyň öz ornuny ýaza berýän döwri tebigat, gysga wagtlyk bolsa-da, gar ýagdyryp, aýaz getirýär. Ýöne togsan dolup, ýere ýyly gidensoň, «Gaňtar agsa, gar durmaz» diýlişi ýaly, ol gar ýerde uzak ýatman, derrew eremek bilen bolýar. Magtymguly Pyragynyň şygrynda:
Sil bolar, agdarlyp akar bulaglar,
Çille dolup, garlar gyşdan aýrylsa... —
diýlip beýan edilýän döwrüň özboluşly gözelligi bar.
Togsan dolup, gyşyň tamamlanmagy bilen başlanýan döwre näme üçin «Çarwa Nowruzy» diýildikä? Ine, şu sowal bilen biz bütin ömrüni çarwaçylyga bagyşlan, Kerki etrabynyň Astanababa obasynyň ýaşaýjysy Döwlet Han ogluna ýüzlendik. Onuň aýtmagyna görä, Garagumda dowarlardan owlak-guzy almagyň iň gowy, amatly we howpsuz döwri fewralyň 20-lerinden Nowruza çenli diýlip hasap edilýär. Nowruzdan soň bolsa Günüň sähelçe gyzmagy bilen, çölde zyýanly mör-möjekler peýda bolýar. Olar mal üçin-de, maldar üçin-de kynçylyk döredýär. Şonuň üçin çarwa Nowruza çenli esasy aladasyndan dynýar. Şeýdibem, bu döwrüň «Çarwa Nowruzy» ady galýar...».