Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.
Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.