Turkmenportal logo
25.02.26
1217412174
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirini Milli güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabaha tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Kuweýt Döwletiniň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.