Turkmenportal logo
Şu gün 10:01
50345034
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda 2025-nji ýylda ýük dolanyşygy 7,4 million tonna golaýlady 

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlary aralygynda jemi ýük dolanyşygy 7 million 316 müň 326 tonna barabar boldy. Bu görkezijide eksport ýükleriniň paýy 4 million 465 müň 956 tonna; import ýükleriniňki 1 million 522 müň 793 tonna; üstaşyr ýükleriň paýy bolsa 1 million 327 müň 576 tonna deň boldy. 

2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, umumy ýük dolanyşygynda 15,2 göterim ösüş depgininiň gazanylmagy Türkmenistanyň logistika strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

«Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň garamagyndaky 20 sany döwrebap gämi Hazar deňziniň iň işjeň gämileriniň hataryna girdi. 2025-nji ýylyň ýanwar — dekabr aýlarynyň netijelerine görä, bu gämiler arkaly 2 million 454 müň 106 tonna ýük, 20 müň 267 sany awtoulag we 3 müň 207 sany konteýner bellenen menzillerine ýetirildi.

Şeýle hem milli flot 170 müň 162 sany ýolagça ýokary hilli hyzmat edip, içerki we halkara gatnawlaryň ygtybarlylygyny artdyrdy diýlip, habarda bellenilýär.