Turkmenportal logo
Düýn 16:08
76477647
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Belarusdaky ilçisi Saharow adyndaky institutyň talyplary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçisi Nazarguly Şagulyýew A.D.Saharow adyndaky Halkara döwlet ekologiýa institutynyň türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada ilçihananyň Minskidäki metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanda ekologiýa başlangyçlaryny amala aşyrmakda Ýewropa tejribesini ulanmak meseleleri, şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglanyşykly temalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň esasy wakasy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Ilçi talyplara halkara ynanyşmagyň we döwletara hyzmatdaşlygyň binýady hökmünde «oňyn bitaraplyk» konsepsiýasyny düşündirdi.

Institutynyň direktory, professor Oleg Rodkin türkmen talyplarynyň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny belläp, olary «durnukly ösüşiň geljekki arhitektorlary» diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, Minskide alnan bilimler geljekde Türkmenistanyň oba hojalygyna, energetikasyna we ekoulgamlaryny gorap saklamak işine innowasiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.