Gumanoid robotlaryň ösüş derejesi häzirki wagtda on ýaşly çaganyňky bilen deň. «Unitree Robotics» hytaý kompaniýasyny esaslandyryjy Wan Sinsin şeýle pikiri paýlaşdy diýip, «Sýaosýan Çenbao» gazetine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
Sinsiniň sözlerine görä, her ýylky tehnologik öňegidişlige garamazdan, adam sypatly robotlaryň köpçülikleýin durmuşa ornaşdyrylmagy üçin 3-5 ýyl, gaty gijigende on ýyla basalykly wagt gerek bolar.
Öň «Unitree Robotics» kompaniýasynyň robotlary 17-nji fewralda hytaý Täze ýylynyň hormatyna guralan gala-konsertde başa-baş söweş sungatlary, akrobatika hem-de «serhoş boks» tilsimlerini görkezip, hemmeleri haýran galdyrdylar, bu bolsa olaryň geçen ýyldakydan has öňe gidendiklerini subut etdi.
Wan Sinsin şeýle-de kompaniýanyň 2026-njy ýylyň ahyryna çenli 20 müňe golaý roboty bazara çykarmakçydygyny habar berdi.