Turkmenportal logo
Düýn 12:36
1198711987
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşi 22-nji maýda Türkmenistanda geçiriler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini 22-nji maýda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär. Mejlisiň gün tertibine 11 mesele giriziler. Bu barada Arkalaşygyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary Igor Petrişenko habar berdi.

Sişenbe güni Minskde GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetinde guramanyň hemişelik ygtyýarly wekilleriniň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

«Biz şu gün Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň gün tertibini tassyklaýarys. Ol başlyklyk edýän döwletde — Türkmenistanda geçiriler. Häzirlikçe öňünden bellenen senesi şu ýylyň 22-nji maýy. Gün tertibinde 11 mesele bar, esasan ykdysady ugur, maslahatlar-sergi işleri, ulag geçelgeleri bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem 2027-nji ýylda GDA-nyň medeni paýtagty hökmünde Minsk şäherini kesgitlemek» — diýip, Petrişenkonyň sözlerini RIA Nowosti agentligi getirýär.

2026-njy ýylda Türkmenistan GDA-da başlyklyk etmek wezipesini öz üstüne aldy. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Duşenbede geçirilen Arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu wezipä jogapkärçilik bilen çemeleşýändigini nygtapdy. Şonuň üçin döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan degişli konsepsiýa işlenip taýýarlanyldy.