Turkmenportal logo
Düýn 11:00
54105410
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nepalda awtobus heläkçiliginde 18 adam gurban boldy
Surat: Shutterstock/FOTODOM/ Art Konovalov

Nepalda gije Pokharadan Katmanduwa barýan ýolagçy awtobusy derýa gaçyp, azyndan 18 adam pida boldy, 25 adam ýaralandy. Halas ediş işi paýtagtdan 90 kilometrlikde geçirildi diýip, «Himalayan Times» neşirine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

Polisiýadan we harbylardan ötri, halas ediş işine ýerli ýaşaýjylar hem gatnaşdylar. Ejir çekenler hassahanalara ýerleşdirildi.

Ýol-ulag hadysasynyň anyk sebäpleri belli däl, emma polisiýa muňa sürüjiniň tizligi ýokarlandyrmagy sebäp bolandyr diýip çaklaýar. Pida bolanlaryň we şikes alanlaryň arasynda Täze Zelandiýadan, Ýaponiýadan, Niderlandlardan hem-de Hytaýdan syýahatçylar hem bar diýlip, habarlarda bellenýär.