Turkmenportal logo
Düýn 10:32
67386738
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hytaý kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Hytaýyň Şanhaý halkara medeni assosiasiýasynyň we Beaufin milli orkestriniň direktory Çýen Li, Şanhaý inženerçilik ylymlary uniwersitetiniň professory Su Bing hem-de Pekin operasynyň Hou mekdebiniň üçünji nesil mirasdüşeri Ýeng Peng Dong dagy tarapyndan hytaý kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk sapagy geçirildi.

«Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, akademiýanyň talyplary dürli ugurlar bilen birlikde, kalligrafiýa bilen kitap bezemek sungaty boýunça hem bilim alýarlar we öz ukyp-başarnyklaryny dürli taslamalaryň üsti bilen beýan edýärler.

Hytaýly ussatlaryň geçen sapagynda olara hytaý kalligrafiýasynyň gadymyýetden şu güne çenli geçen menzili, kämilleşiş derejesi barada gürrüň berildi. Şeýle-de myhmanlar kalligrafiýada ýörite kagyzlaryň we reňkleýji serişdeleriň ulanylyş düzgünleri, tehniki usullary bilen tanyşdyrdylar.

Gadymy Hytaýda «Ýazuw — bu adamyň keşbi» diýen pelsepe ýörgünli bolupdyr. Kalligrafiýa we teatr sungaty bilen baglanyşykly aktýorlaryň ýüzüni bezemek — bu adamyň diňe bir elini ýa-da ýüzüni däl, eýsem, ruhuny bezeýär diýmegi aňladýar. Olar adama özüni tanamaga, sabyrly bolmaga we daş-töweregindäki dünýä bilen deňagramlylykda ýaşamaga kömek edýär diýen taglymatlara esaslanýandygyny myhmanlar ussatlyk sapagynyň dowamynda talyp ýaşlara gürrüň berdiler.

Hytaý kalligrafiýasynyň taryhy öz köklerini müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Şol döwürde bäş sany esasy ýazuw stili kemala gelipdir. Bu ýazuw stilleri ieroglifler arkaly resminamalar, metbugat önümleri, möhürler üçin, şeýle hem ynsan duýgularyny beýan etmekde ýazuw serişdesi hökmünde ulanylýar. Bu nepis sungat sanly tehnologiýalaryň häzirki ösen döwründe hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.