Turkmenportal logo
Düýn 10:18
96959695
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümleri uly islege eýe boldy 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurtly işewürler bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 801 müň dollaryndan gowrak boldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Owganystanyň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Serbiýanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine bugdaý uny, aşgarlanmadyk mata, erkek kişilere niýetlenen lybaslar, nah ýüplük we pagta süýümi, dolanyp gaplanylan pagta pamygy, portlandsement, buýan köküniň gury ekstrakty ýerlenildi. 

Ýurduň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 48 million 506 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy («Türkmennebit» döwlet konserni), nah ýüplügi, bugdaý ununy satyn aldylar.