Turkmenportal logo
Düýn 10:17
75737573
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenabatda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda dabara geçirildi

Türkmenistanyň sebitlerine döredijilik saparyny amala aşyrýan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Lebap welaýatynda boldy. 23-nji fewralda Türkmenabatdaky «Türkmeniň ak öýüne» ýygnanan 3 müň adam toparyň täsin çykyşlaryna tomaşa etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, dabarada topar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde boldular. Muzeýiň gaznasynda diňe bedewler bilen bagly gymmatlyklaryň 200-den gowragy bar. Olaryň aglabasy asyrlaryň jümmüşinden habar berýär. Welaýat muzeýine gezelenç şöhratly toparyň agzalary üçin gündogar sebite döredijilik saparynyň iň täsirli, ýatda galyjy pursatlarynyň birine öwrüldi.

Az salymdan toparyň agzalary Türkmenabadyň Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugry boýunça ýöriş etdiler. Ýoluň ugrunda şäherdäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň, Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň we welaýat kitaphanasynyň öňünde aýdym-sazly dabaralar ýaýbaňlandyryldy. 

Ak gümmezli «Türkmeniň ak öýi» binasy şöhratly topary aýdym-sazly garşylady. Dabaralar binanyň öňündäki meýdançadan başlap, girelgede dowam etdi. Bu ýerde guralan sergide welaýatyň suratkeşleridir heýkeltaraşlarynyň türkmen bedewlerine bagyşlan eserlerine orun berlipdir.

Az salymdan binanyň esasy zalynda dabara başlandy. Dabara gelenleriň ör turup el çarpyşmasy astynda toparyň agzalary sahna täze berlen halkara şahadatnamalary alyp çykdylar. Soňra toparyň çykyşlary boldy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, onuň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde, Aşgabatda dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Indi bolsa toparyň agzalary ýurduň welaýatlarynda bolup, bu üstünligiň şanyna guralýan çärelere gatnaşýarlar we at üstünde ýerine ýetirýän täsin oýunlary bilen çykyş edýärler.