Turkmenportal logo
Düýn 08:25
84188418
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Estoniýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.