Turkmenportal logo
23.02.26
1282212822
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Zimbabweniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler  geçirildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zimbabwe Respublikasynyň daşary işler we halkara söwda boýunça hemişelik sekretary Albert Ranganaý Çimbindiniň arasynda duşuşyk, şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Daşary işler ministrligi habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-zimbabwe gatnaşyklarynyň yzygiderli ösüşini bellediler hem-de syýasy-diplomatik dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeleriň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy utgaşdyrmagyň netijeli mehanizmi hökmünde ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň arasynda dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň we Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik dialogy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi. Taraplar halkara düzümleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de köptaraplaýyn meýdançalarda başlangyçlary özara goldamaga taýýardyklaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Energetika, oba hojalygy, dokma senagaty we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň, bilelikdäki biznes-forumlary guramagyň we sergi-ýarmarka çärelerine gatnaşmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer ugurda taraplar bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge, şeýle hem özara medeni çäreleri guramaga we degişli edaralaryň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Zimbabwe Respublikasynyň Daşary işler we halkara söwda ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler hakynda Teswirnama gol çekdiler.