Turkmenportal logo
23.02.26
1511915119
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tailandda poliseýler ogryny tutmak üçin tans edýän ýolbarsyň keşbine girdiler

Tailandda poliseýler tejribeli ogryny ele salmak üçin görülmedik usuly peýdalandylar. Olar jenaýatça golaý baryp tutmak üçin ýolbarslaryň däp bolup gelýän eşiklerini geýdiler diýip, «The Guardian» neşiri gürrüň berýär.

Çap edilen wideoda poliseýleriň ýolbarsyň gyzyl-altynsow eşiklerinde Nonthaburi ülkesindäki ybadathananyň ýanyndaky Täze ýyl bazarynda ogryny  yzarlaýandyklary görünýär. Biraz wagtdan soňra poliseýleriň biri oňa topulyp, ele salýar.

Polisiýanyň aýyplamasyna görä, 33 ýaşly erkek kişi üç gezek Bangkokdaky ýerli polisiýa bölüminiň başlygynyň öýüni talap, 2 million bata (64 müň amerikan dollary) deň bolan emlägi ogurlapdyr.