Müsüre sapar etmegi meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlary wiza şertleriniň üýtgäp biljekdigini mümkinligini göz öňünde tutmalydyr. Cairo 24 neşiriniň berýän maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap girizilýän wiza tölegi 25 dollardan 30 dollara çenli ýokarlanyp biler.
Türkmen syýahatçylary üçin Kair ýa-da Hurgada arkaly syýahat edýänlerde bu ýagdaý wiza alnan mahaly çykdajylaryň artmagyny aňladýar. Şarm-el-Şeýh arkaly girenlerde bolsa 15 gün wizasyz bolmak mümkinçiligi saklanýar, ýöne dynç alyş zolagynyň çäginden çykmak üçin wiza tölegi tölenmeli bolar.
Şunuň bilen birlikde, bu çözgüdiň resmi taýdan tassyklanmandygyny bellemek gerek. Syýahatçylara sapary meýilleşdirmezden öň täzelikleri yzygiderli yzarlap durmak maslahat berilýär.