Turkmenportal logo
23.02.26
1355313553
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
88 ýurt emeli aňyň täsiri barada Jarnama gol çekdi

Emeli aňyň täsiri barada Nýu-Deli Jarnamasyna ol ýerde geçen sammitiň netijeleri boýunça gol çekildi. Bu barada Hindistanyň Elektronika we habar tehnologiýalary ministrliginde habar berdiler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Jarnama 88 ýurt we halkara guramalar tarapyndan makullanyldy. Ministrlik sammite gatnaşyjylaryň emeli aňy dolandyrmakda ählumumy maksatlara eýerýändiklerini tassykladylar diýip habar berdiler. Resminamada şeýle hem emeliň aňyň ykdysady özgertmeleri höweslendirmekdäki hyzmaty, açyk we elýeterli ekoulgamlaryň möhümdigi bellenýär.

Mundan öň «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalaryny esaslandyryjy Ilon Mask emeli aňyň eýýäm 2030–2031-nji ýyllarda tutuş adamzatdan akylly boljakdygyny aýdypdy.