«Barselona» Ispaniýanyň futbol çempionatynyň 25-nji tapgyrynda «Lewante» toparyny 3:0 hasaby bilen ýeňdi. Oýun Barselonada geçirildi. Gollary Mark Bernal (4-nji minut), Frenki de Ýong (32-nji minut) we Fermin Lopes (81-nji minut) geçirdiler.
Tapgyryň netijesine laýyklykda «Barselona» kluby (61 utuk) Madridiň «Realyndan» öňe geçip (60 utuk), La Liganyň ýaryş tertibinde birinji orna çykdy.
Şondan öň «Real» Pamplonada «Osasuna» toparyndan 2:1 hasaby bilen ýeňildi. Ýeňijilerden Ante Budimir (38-nji minutda, penaltiden) we Raul de Aro (90+1-nji minutda), «Real» toparyndan bolsa Winisius Žunior (73-nji minutda) tapawutlandylar.
Käbir metbugat serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, «Realyň» ýolbaşçylary baş tälimçi Alwaro Arbeloany wezipesinden boşatmak mümkinçiligini göz öňünde tutýarlar. Çeşmelere görä, eger «Real» sişenbe güni «Benfikadan» ýeňilse we Çempionlar ligasyndan çykan halatynda, madridliler tälimçi bilen şertnamasyny ýatyryp bilerler.
Arbeloa 12-nji ýanwardan bäri «Realyň» baş tälimçisi wezipesini ýerine ýetirip gelýär, ol ozalky tälimçi Habi Alonsonyň ýerine gelipdi. Onuň ýolbaşçylygynda topar 10 oýunda çykyş edip, 7 ýeňiş gazandy we 3 duşuşykda hem ýeňlişe sezewar boldy.