Ýerde «Şumanyň yrgyldysy» diýlen at bilen belli bolan tebigy yrgyldy güýçlendi diýip, «Daily Mail»britan tabloidine salgylanýan «RIA Nowosti» habar berdi.
Ýagny Ýeriň tebigy «güwwüldili» yrgyldysy soňky hepdelerde adaty bolmadyk serpilmeleri başdan geçirdi hem-de bu adamyň keýpine we akyl işine täsir edermi diýen sowaly döredýär diýip, neşir ýazýar. Sagdyn durmuşa eýerijiler we käbir alymlar bu tolkunlaryň adamyň uka we ünse jogap berýän beýni tolkunlarynyň nusgalary bilen gabat gelýändigni aýdýarlar, emma nusgawy ylym henize çenli bu pikiri tassyklamady.
Geçen hepdede magnit harasatlarynyň depgininiň 5.0 belgiden geçendigi belli boldy we bu käbir duýgur adamlara özüni bildirendir diýlip çaklanýar.