Turkmenportal logo
Düýn 22:03
68596859
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda 29-njy martda geçiriljek saýlawlara dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we geňeşleriň agzalarynyň 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Milli saýlaw kanunçylygyna we tassyklanylan degişli meýilnama laýyklykda, ýurtda geçiriljek saýlawlaryň esasy tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýasyndan, şeýle hem raýat toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemeklige bagyşlanan mejlisler, ýygnaklar guramaçylykly geçirilýär. Olaryň dowamynda iň mynasyp wekiller ýurduň kanun çykaryjy edaralaryna, ýerli wekilçilikli häkimiýetlere we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna dalaşgärlige hödürlenilýär. Hödürlenilýän dalaşgärleriň ilat arasynda hormatlanýan, zähmetsöýer şahslardygyny, olaryň arasynda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işleýän köp sanly tejribeli hünärmenleriň bardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşylyp bilner. Her bir saýlaw okrugyna bir orun üçin birnäçe dalaşgär hödürlenýär, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçiriljekdigini subut edýär. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan bellenilen milli synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklyk we aýdyňlyk esasynda geçirilmegini üpjün eder. Dalaşgärleri hödürlemek işleri saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklarynda geçirilýär. Jemgyýetçilik guramalarynyň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň ilat bilen geçirýän duşuşyklary muňa uly itergi berýär.

Şeýlelikde, öňde boljak nobatdaky saýlawlar Türkmenistanyň demokratik binýadyny we döwlet özygtyýarlylygyny has-da pugtalandyrjak aýratyn möhüm wakadyr.