Turkmenportal logo
Şu gün 08:18
66066606
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistan sebitiň ýurtlaryna «swap» usuly arkaly gaz ibermäge taýýar

Türkmenistan energiýa akymlaryny diwersifikasiýa syýasatynyň çäklerinde sebitiň birnäçe döwletlerine «swap» usullary arkaly tebigy gaz ibermäge taýýardyr. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda mälim etdi.

«Diwersifikasiýa syýasatyna eýerip, biziň ýurdumyz sebitde «swap» usuly boýunça — Eýrana we Azerbaýjana bolşy ýaly, Gazagystana, Özbegistana we beýleki gyzyklanma bildirýän döwletlere gaz ibermäge mümkinçiligi bar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň energetika eksportyny geoykdysady ýagdaýlary nazara alyp, yzygiderli üýtgedýändigini düşündirdi. Ozal tebigy gaz eksportynyň esasy bölegi Russiýa ugradylýardy (ýylda 40 milliard kub metre çenli). Häzirki wagtda türkmen gazynyň esasy alyjysy takmynan şol möçberlerde Hytaý bolup durýar. Sebit döwletleri bilen amala aşyrylýan «swap» usullary bolsa bu diwersifikasiýa işleriniň üstüni ýetirýär.

Milli Lider Türkmenistanyň tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýäde dördünji orunda durýandygyny ýatlatdy. Onuň aýtmagyna görä, Aşgabat öz energetika strategiýasyny örän jogapkärli we oýlanyşykly esasda, energiýa daşalýan ýollaryň howpsuzlygyny we ygtybarlylygyny, şeýle hem akymlaryň deňagramly utgaşmasyny üpjün etmäge gönükdirip guraýar.

«Biz energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy syýasy we halkara-hukuk derejesinde, häzirki zaman dünýä ösüşiniň talaplaryndan ugur alyp hem-de özara bähbitlilik esasynda ýola goýýarys» diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şeýle hem ol Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde energetika howpsuzlygy meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleriň başyny başlandygyny we Baş Assambleýanyň birnäçe Rezolýusiýalarynyň awtorydygyny habar berdi. Olaryň birinjisi 2008-nji ýylda kabul edildi. Şondan soň energetika howpsuzlygy meselesi Milli Lideriň sözlerine görä, öndürijileriň, üstaşyr geçrijileriň we alyjylaryň bähbitlerini nazara alýan hil taýdan täze häsiýete eýe boldy.