Turkmenportal logo
Şu gün 07:46
85298529
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan işewürleri bilen gepleşikleri geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-na amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň birnäçe tanymal telekeçileri we syýasatşynaslary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow Stiw Winni, Aýzek Perlmutteri, şeýle hem «Oxbow Group» kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Uilýam Kohy kabul etdi. Taraplar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny tassykladylar. Halk Maslahatynyň Başlygy amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky netijeli işini belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Işewürler, öz gezeginde, Aşgabat bilen işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge taýýardyklaryny bildirdiler.

Şeýle hem «John Deere Walldorf International GmbH» kompaniýasynyň Baş direktory, GDA we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň oba hojalygy ugry boýunça prezidenti  Çaba Leýko bilen aýratyn duşuşyk boldy. Gepleşikleriň merkezinde oba hojalyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalygynyň türkmen-amerikan gatnaşyklarynda möhüm orun tutýandygyny, azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň bolsa halkyň abadançylygy bilen göni baglydygyny nygtady.

Taraplar Türkmenistanyň «John Deere» kompaniýasy bilen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamyndaky hyzmatdaşlyk taryhyny bellediler. Obasenagat toplumy üçin niýetlenen «John Deere» kysymly ýöriteleşdirilen tehnikalar ýurduň toprak-howa şertlerinde netijeli işleýär. Duşuşygyň netijesi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge, şol sanda Türkmenistanyň agrosenagat toplumy üçin hünärmenleri taýýarlamak ugrunda gatnaşyklary berkitmäge taýýardyklary tassyklanyldy.