Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde ýurduň iň iri atçylyk merkezleriniň biri hasaplanýan «La Victoria» atçylyk toplumynda boldy. Ol ýerde atçylyk we atly sport ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Milli Lider atlary saklamagyň we seýislemegiň şertleri, toplumyň düzümi, şol sanda at ýataklary, üsti ýapyk manež, türgenleşik meýdançalary, şeýle hem atlary suwa düşürmek üçin niýetlenen ýerler we çüwdürimli köl bilen tanyşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow atlary bäsleşiklere taýýarlamagyň usullary we hünärmenleriň iş tertibi bilen gyzyklandy. «La Victoria» merkeziniň binýadynda yzygiderli görnüşde konkur bäsleşikleri boýunça halkara turnirler geçirilýär we bu ýaryşlar birnäçe aýlap dowam edýär.
Saparyň dowamynda amerikan we türkmen atçylarynyň, atly sport hünärmenleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Toplumyň wekilleriniň hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça beren tekliplerine türkmen tarapyndan serediler. Gurbanguly Berdimuhamedow ýola goýulýan aragatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdüriljekdigine ynam bildirdi.