Turkmenportal logo
Şu gün 07:26
57515751
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň direktory bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Erik Stýuart Milli Lideriň saparyna ýokary baha berdi we uly ykdysady mümkinçilikleri bolan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge amerikan işewür toparlarynyň gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn depginini hem-de iki ýurduň işewür düzümleriniň bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýandygyny belledi. Taraplar özara hormat goýmak we ynam esasynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.

Maýa goýum gepleşikleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Milli Lider geljegi uly ugurlar boýunça özara gatnaşyklary öňe sürmekde iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasyndaky yzygiderli duşuşyklaryň möhümdigine ünsi çekdi.

Amerikanyň iri kompaniýalarynyň — «Boeing», «General Electric», «John Deere», «CASE», «Nicklaus Companies» ýaly düzümleriň Türkmenistanyň çägeinde ähmiýetli taslamalary amala aşyrmaga köp ýyllaryň dowamynda gatnaşýandygy aýratyn bellenildi.

Erik Stýuart Işewürlik geňeşi tarapyndan iki döwletiň ykdysady subýektleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek üçin zerur çäreleriň görülýändigini tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky özara bähbitli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.