Turkmenportal logo
Düýn 23:40
1136411364
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparyny tamamlap, ol ýerden Germaniýa Federatiw Respublikasyna bardy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli, şeýle hem behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek maksady bilen gol çeken Karary esasynda geçirildi.

Iş maslahatynda 2026-njy ýylda ýurtda we daşary ýurtlarda geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.