Turkmenportal logo
Düýn 23:22
77097709
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäherinde we Awazada golf meýdançalaryny gurmak meýilleşdirilýär

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan saparynyň çäklerinde «Nicklaus Сompanies»  kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz hem-de kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda kompaniýanyň gatnaşmagynda gurlan golf meýdançalarynyň görnüşleri görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri dünýäde öňdebaryjy hasaplanylýan «Nicklaus Сompanies»  kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygyny belläp, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap golf meýdançalarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Aşgabat şäherinde gurlan golf meýdançasynyň şäher ilatynyň, aýratynda, ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygyny aýdyp, Gahryman Arkadag Türkmenistanyň şunuň ýaly täze merkezleriň gurulmagy bilen baglanyşykly meseleler babatda hyzmatdaş kompaniýanyň teklipleriniň öwrenilmegine taýýardygyna ünsi çekdi.

«Nicklaus Сompanies»  kompaniýasynyň Prezidenti dünýäde ygtybarly hyzmatdaş, halkara gatnaşyklaryny ösdürmek üçin degişli kanunçylyk binýady üpjün edilen Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmegiň we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň özleri üçin uly hormatdygyny aýtdy. Şeýle hem Jon Riz türkmen halkynyň Milli Liderini Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda gurulmagy mynasyp hasaplanylýan birnäçe taslamalar bilen tanyşmaga çagyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, Arkadag şäherinde we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda golf meýdançalaryň gurulmagy ýurduň dürli künjeklerinde köpçülikleýin bina edilýän durmuş maksatly desgalaryň üstüni ýetirjekdigini aýtdy. Şeýle hem «Nicklaus Сompanies»  kompaniýasy netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna saparynyň dowamynda birnäçe golf klublary hem-de atçylyk toplumy bilen hem içgin tanyşdy.