Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi hem-de ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Ž.Balasagyn adyndaky Gyrgyz Milli uniwersitetinde okuw sapagy geçirildi.
20-nji fewralda geçirilen çärä uniwersitetiň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylara hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi barada jikme-jik maglumatlar berildi.
Şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny uly dabara bilen bellenilýändigi we ýurtda syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ulgamlarynda gazanylan üstünlikler barada gürrüň edildi.
Şol bir wagtda hem ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň milli buýsanjy, medeni mirasy we ýurduň iň ajaýyp nyşanlarynyň biri hökmünde tutýan orny barada-da bellenilip geçildi.
Çäräniň ahyrynda Gyrgyz Respublikasynda surata düşürilen «Magtymguly dünýäniň hakydasynda» atly dokumental film görkezildi.