Turkmenportal logo
21.02.26
1386013860
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada Türkmenistandaky möhüm wakalara bagyşlanan dabara geçirildi
Surat: Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre, şeýle-de Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

20-nji fewralda bolan çäre jemgyýetçilik we akademiki düzümleriň wekillerini, atçylyk pudagynyň bilermenlerini, atçylyk sportynyň ussatlaryny, Russiýadaky türkmen diasporasynyň wekillerini, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary hem-de KHBS-iň wekillerini bir ýere jemledi.

 Ilçi E.Aýdogdyýew çykyşynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýändigini nygtady. 

Ilçi Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitabynyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, neşiriň bitaraplygyň hukuk we syýasy esaslaryny, onuň sebit we ählumumy durnuklylygy üpjün etmekdäki ornuny, şeýle hem Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini ilerletmäge goşýan goşandyny açyp görkezýändigi nygtady.

Dabaranyň barşynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Maliýe uniwersitetiniň türkmen talyplary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň «Rowaç» atly goşgusy esasynda döredilen edebi-sazly kompozisiýa bilen çykyş etdiler.

Soňra Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Atçylygyň ylmy-çeperçilik muzeýiniň bölüm müdiri, «Ahal-Teke inform» maglumat-seljeriş almanahynyň baş redaktory Ý.Kuznesowa, Akademik W.W.Kalaşnikow adyndaky Bütinrussiýa atçylyk ylmy-barlag institutynyň uly ylmy işgäri, Ahalteke atçylygynyň seçgiçilik-tohumçylyk merkeziniň başlygy, Ahalteke tohum atlarynyň Döwlet tohumçylyk kitabynyň baş hasaba alyjysy N.Abramowa, şeýle-de Moskwanyň M.W.Lomonosow adyndaky döwlet uniwersitetiniň talyby, ussat sportçy, at eýesi, «МедиаКонь» atly atçylyk sporty baradaky şowhunly media taslamasynyň esaslandyryjysy P.Lazdyn çykyş etdiler.

Dabaranyň ahyrynda «Meleguş» aýdymy ýerine ýetirildi. Çäräniň çäklerinde ilçihananyň binasynda mowzuklaýyn sergi guraldy.