Turkmenportal logo
21.02.26
1237112371
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Moskwada gar üýşmekleri 80 santimetre ýetdi, 1994-nji ýylyň rekordy täzelendi

Moskwa bir gije-gündizde aýlyk ygalyň çärýek bölegi düşdi. Bu barada RF-niň howa maglumaty merkezine salgylanýan «MIR 24» habar berdi.

 «Fobos» howa merkeziniň esasy hünärmeni Ýewgeniý Tişkowiç 25-nji fewralda gar üýşmekleriniň boýunyň 1994-nji ýyldan bäri saklanyp gelýän rekorddan ozdurandygyny habar berdi. Ýagny şol ýyl paýtagtda gar üýşmekleriniň boýy 65 sm bolan bolsa, häzir 73sm. Käbir ýerlerde 81 sm-e çenli ýetendigi hasaba alyndy. Şol bir wagtda paýtagtyň jemagat gulluklary siklonyň netijelerine garşy göreşýärler. Inženerçilik kompaniýalarynyň heläkçiliklere garşy toparlary gije-gündiz nobatçylyk çekýärler. Jemagat hojalyk işgärleri güýçlendirilen düzgünde işleýärler. Ilkinji nobatda esasy köçeler, pyýadalar üçin zolaklar, ýanýodalar we duralgalara barylýan ýerler arassalanýar. Gar diňdigi, ony üçeklerden, eýwanlardan we girelgeleriň üçeginden aýryp başlarlar.

Garyň adatdakysyndan köp ýagmagy we onuň giç erejekdigi bilen baglylykda, hünärmenler bu ýyl Moskwada alabahar bolmasa gerek diýip hasap edýärler.