Turkmenportal logo
21.02.26
2070720707
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Arkadag şäheriniň atçylyk sirki ýekşenbe günki çykyşlaryna çagyrýar

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki şäheriň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny her hepdäniň ýekşenbe günleri geçirilýän şowhunly çykyşlaryna çagyrýar. Ussat artistler, tansçylar, eldekileşdirilen haýwanlar, şadyýan masgarabazlar hem-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýaş zehinleri tutuş maşgalany begendirmek üçin özleriniň ajaýyp sahna çykyşlaryny sowgat ederler.

Çykyşlar günortan wagty sagat 12:00-da başlanýar. Guramaçylar adaty dynç gününi şatlyk we ylham bilen doldurylan ýatdan çykmajak waka öwürmegi wada berýärler.

Biletleri www.atchylyksirk.gov.tm saýtyndan satyn alyp bilersiňiz. Maglumatlary almak üçin üçin telefon belgileri: 57-23-53, 864-43-22-22. Sirk Arkadag şäherinde ýerleşýär.

Sirk oýunlaryna tomaşa ediň we öz ýekşenbe günüňizi şadyýan geçiriň!