Turkmenportal logo
Düýn 10:48
1387613876
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Babaýew «Fight Nights 134» ýaryşynda eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen Aliýewden ýeňildi

Türkmen garyşyk stiliniň söweşijisi Abdylla Babaýew Soçide geçirilen «Fight Nights 134» ýaryşynda ýeňil agramda russiýaly Ramazan Aliýew bilen duşuşyp, eminleriň biragyzdan çykaran karary bilen ýeňlişe sezewar boldy.

Ilkibaşda Babaýewiň garşydaşy russiýaly Inal Hasbulatow bolmalydy, ýöne ol şikes alandygy sebäpli onuň ýerine Dagystanyň MMA çempiony Ramazan Aliýew çykyş etdi.

Duşuşygyň netijesinde indi Abdylla Babaýewiň hasabynda bäş ýeňiş we bir ýeňliş bar. Ol söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady, üç gezek Dünýä kubogynyň ýeňijisi, pankration boýunça dünýä we Aziýa çempionydyr.

Babaýew soňky gezek 2025-nji ýylyň 28-nji noýabrynda «Sokol 2» ýaryşynda Faýz Gulonowy ýeňipdi. Mundan ozal onuň hasabynda Gabib Guseýnow, Anwar Magomaýew, Mahdi Frahani we Abdulaziz Ýuldaşew bilen duşuşyklarda gazanan ýeňişleri bar.

Ramazan Aliýewiň sport tejribesinde bolsa dört ýeňiş we dört ýeňliş bar.