Turkmenportal logo
21.02.26
96789678
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tokaýew Tramp adyndaky baýrak döretmegi teklip etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew parahatçylyk döredijilik ulgamynda gazanan üstünlikleri üçin ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp adyndaky aýratyn baýrak döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi. Bu teklip Waşingtonda geçen Parahatçylyk geňeşiniň birinji ýygnagynyň çäklerinde öňe sürüldi diýip, TASS ýazýar.

«Men Parahatçylyk geňeşiniň parahatçylyk gurluşygy ulgamynda ajaýyp tagallary we üstünlikleri üçin Tramp adyndaky ýörite baýragyny döretmegi teklip edýärin. Jenap Prezident, siziň baştutanlygyňyzda Parahatçylyk geňeşiniň öz beýik we ynsanperwer wezipesini üstünlikli berjaý etjekdigine ynanýaryn» diýip, Tokaýew aýtdy.