Turkmenportal logo
20.02.26
2333023330
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Daşoguz welaýatyny Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny hem-de bu awtomobil ýolunyň ugrunda täze köprini gurmak boýunça häzirki wagtda möhüm işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly şu gün geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi.  

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda ýol-ulag gurluşyk pudagyny döwrebaplaşdyrmak, pudagyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ýük, awtoulag we ýolagçy gatnawlaryny üstaşyr geçirmek hem-de bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen Daşoguz welaýatyny Aşgabat şäheri bilen baglanyşdyrjak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoluny hem-de bu awtomobil ýolunyň ugrunda täze köprini gurmak boýunça halkara bäsleşigini geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň ýurduň esasy ýollarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ýoluň durkuny täzelemek bilen bagly taýýarlanylan teklibi makullady hem-de wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.