Turkmenportal logo
20.02.26
1292912929
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Angliýanyň Premýer ligasy we EFL 2026-njy ýylyň Oraza aýyndaky oýunlarynda agzaçar üçin arakesme beriljekdigini tassyklady

Angliýanyň Premýer ligasy we Angliýanyň Futbol ligasy (EFL) musulman futbolçylary üçin Oraza aýynda oýunlaryň arasynda gysga arakesmäniň berilmegine mümkinçilik döredýän düzgünleriň täzeden güýjünde saklanýandygyny tassyklady. Bu tejribe Premýer ligadan başlap, Liga Ikä çenli ähli diwizionlara degişli bolup, bu eminlere hem degişli edilýär — diýip, insideworldfootball.com saýty habar berýär.

Şu möwsümde Oraza aýy 2026-njy ýylyň 17-nji fewralyndan 18-nji martyna çenli dowam eder. Her oýundan öň toparlaryň kapitany we eminler arakesmäniň zerurlygy we onuň takmynan haçan beriljekdigi barada öňünden ylalaşýarlar. Oýun dowam edýän mahaly top saklanmaýar — arakesme ilkinji amatly pursatda: burçdan, jerime urgusyndan ýa-da top meýdançanyň daşyna gidenden soň berilýär. Resmi wekiller arakesmäniň taktiki maslahatlar, suw içmek ýa-da tälimçiniň görkezmeleri üçin ulanylyp bilinmejekdigini aýratyn nygtadylar.

Bu tejribe ilkinji gezek 2021-nji ýylyň aprelinde «Lester Siti» bilen «Kristal Pelas» toparlarynyň duşuşygynda ulanyldy. Oýnuň takmynan 30-njy minutynda burç urgusynda saklanyp, «Lesterden» Wesli Fofana we «Kristal Pelasdan» Şeýhu Kuýate meýdançanyň gyrasyna çykyp suw we energetiki gel kabul etdiler. Şondan bäri bu düzgün Angliýanyň futbolynda kada bolup galdy.

Oraza aýy — musulman senenamasynyň mukaddes aýy bolup, onda musulmanlar daň bilen başlap agşama çenli iýmitden, suwdan we ýaramaz endiklerden saklanýarlar, wagtyny doga, pikirlenme we ruhy ösüşe bagyşlaýarlar.