Turkmenportal logo
Düýn 14:12
1015910159
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Hindistan atçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Ş.Geldinazarow bilen Hindistanyň Ýerli atlar jemgyýetiniň Ösüş we sport boýunça wise-prezidenti Sarpartap Singhiň arasynda geçirilen duşuşykda atçylyk pudagyndaky ikitaraplaýyn ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Duşuşyk 19-njy fewralda Deli şäherinde geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, ilçi 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylandygyny belläp, bu şygaryň astynda ýurtda möhüm ähmiýetli çäreleriň, şol sanda her ýylyň aprel aýynda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenip geçilýändigini aýtdy. Şeýle-de Türkmenistanda ahalteke tohum atlaryny ösdürip ýetişdirmek ugrunda döwlet derejesinde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.

Sarpartap Singh Hindistanyň Ýerli atlar jemgyýetiniň alyp barýan işi bilen tanyşdyryp, atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.