Turkmenportal logo
20.02.26
1092410924
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Tramp Pentagona uçýan näbelli obýektler we ýerden daşarky ýaşaýyş baradaky maglumatlary açmagy tabşyrar

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Goranmak ministrligine we beýleki dahylly edaralara hökümetiň näbelli uçýan zatlar, ýerden daşarky ýaşaýyş we şoňa degişli hadysalar baradaky materiallaryny gizlinlikden çykaryp, köpçülige hödürlemek boýunça görkezme bermek niýetiniň bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutany degişli beýannamany 2026-njy ýylyň 20-nji fewralynda öz Truth Social sosial ulgamynda ýerleşdirdi.

Tramp bu karary jemgyýetiň muňa bolan «uly gyzyklanmasy» bilen baglanyşdyrýandygyny belläp, materiallaryň çap edilmek işine Goranmak ministri Pit Hegsetiň we beýleki jogapkär düzümleriň gatnaşjakdygyny aýtdy.

Bu beýanatda ABŞ-nyň öňki prezidenti Barak Obamanyň aýdan sözleriniň çäginde ýaňlandy. Ol 14-nji fewralda «No Lie» atly podkastda daşary planetalylaryň bolmagynyň mümkinçiligini boýun alandygyny aýtdy. Obamanyň bellemegine görä, ol prezidentliginiň başynda bu tema bilen gyzyklanypdyr, ýöne Newadadaky «Zona 51» atly harby bazada gizlin işleriň bardygyny subut edýän delilleri tapmandyr. Şeýle-de bolsa, ol özüne prezident hökmünde hem aýdylmadyk gizlinlikleriň bolmagyny inkär etmedi.

Tramp bolsa öňki prezidentiň sözlerini gizlin maglumatlaryň paş edilmegi hökmünde baha berip, bolan ýagdaýy «uly ýalňyşlyk» diýip atlandyrdy.