Daşoguz welaýatynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede gazanan ýeňişlerine bagyşlanan dabaralar geçirildi.
Daşoguz şäherindäki dabaraly çäreler şäheriň Görogly meýdançasyndan badalga aldy. Bu ýerde welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň sahnalaşdyrylan çykyşlary görkezildi. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň oglan-gyzlary welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, taryhyň dürli döwürlerine şaýatlyk edýän milli gymmatlyklar bilen tanyşdylar.
Habarda bellenilişi ýaly, «Türkmeniň ak öýi» binasy bu dabaralaryň giň gerimde ýaýbaňlandyrylan ýerine öwrüldi. Dabaranyň dowamynda edilen çykyşlarda ahalteke bedewleriniň halkyň milli buýsanjydygy, mertligiň, gözelligiň we wepalylygyň nyşanydygy bellenildi.
Soňra «Türkmeniň ak öýi» binasynyň giň sahnasynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Çykyşlardan soňra, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralara niýetlenen desgada agzaçar sadakasy berildi.
Ozal habar berşimiz ýaly2026-njy ýylyň ýanwarynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde 48-nji halkara sirk sungaty festiwaly geçirilip, onuň çäklerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu wakanyň hormatyna Arkadag şäherinde, Aşgabatda dabaraly çäreler ýaýbaňlandyryldy. Indi bolsa toparyň agzalary ýurduň welaýatlarynda bolup, bu üstünligiň şanyna guralýan çärelere gatnaşýarlar we at üstünde ýerine ýetirýän täsin oýunlary bilen çykyş edýärler.