19-njy fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 25-nji gyşky mejlisine gatnaşdylar. Bu barada Mejlisiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Mejlisiň işi syýasy we howpsuzlyk meseleler, demokratiýa, adam hukuklary we ynsanperwer meseleler, ykdysadyýet, ylym, tehnologiýa we daşky gurşaw meseleleri, parlamentara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak işleri boýunça alnyp baryldy. Şeýle hem 2026-njy ýylyň iýul aýynda geçiriljek Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň 33-nji ýyllyk mejlisine görülýän taýýarlyk işleri boýunça maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar häzirki zaman dünýäsinde ÝHHG-niň orny, döwletleriň arasynda özara ynamy we hyzmatdaşlygy berkitmek barada çykyş etdiler. Şonuň ýaly-da, çykyşlarda döwletleriň arasynda ykdysady durnuklylygy we deňhukuklylygy saklamak, adam mertebesini, hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, ynsanperwer kömekler, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, dialog arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak barada durlup geçildi.