Turkmenportal logo
Düýn 17:12
76747674
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we ÝB bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň Bilim, ýaşlar, sport we medeniýet boýunça Baş müdirliginiň (DG EAC) Baş direktorynyň orunbasary Normunds Popens bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Brýusseldäki diplomatik wekilhanasy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bilim, ýaşlar syýasaty we medeni gatnaşyklar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik derejä çykarylmagynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin goşmaça mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.

Ilçi adam maýasyny ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Onuň aýtmagyna görä, ýurt bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrýar: birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde bakalawriat we magistratura modeli boýunça hünärmenleri köp derejeli taýýarlamak işi girizildi, bu bolsa bütindünýä bilim giňişligine goşulyşmakda möhüm ädim boldy.

Türkmen tarapy bilimiň hilini üpjün etmek, akademiki ykjamlyk, kredit-modul ulgamy, okuw işini sanlylaşdyrmak we uniwersitetleri dolandyryş modelleri babatda ýewropa tejribelerine gyzyklanma bildirdi. Taraplar türkmen ýokary okuw mekdepleriniň we ýaşlar guramalarynyň Ýewropa maksatnamalaryna, şol sanda akademiki alyş-çalyşlara hem-de ýokary tehnologiýalar, sanly özgertmeler we «ýaşyl» ykdysadyýet pudagyndaky bilelikdäki taslamalara gatnaşygyny giňeltmek barada maslahatlaşdylar.

Ýaşlar syýasatyna, şol sanda liderlik maksatnamalaryny, sanly we telekeçilik ukyplaryny ösdürmäge, şeýle hem ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligine ýardam bermek ulgamynda tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň institusional ösüşine özara gyzyklanmalaryny we bilelikdäki anyk başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ulgamlaýyn gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.