Kristin Lagard Ýewropa Merkezi bankynyň (ÝMB) başlygy wezipesinden möhleti tamamlanmanka gidip biler. Ýeri gelende aýtsak, onuň sekizýyllyk ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýylyň oktýabrynda tamamlanýar.
Çeşmeleriň salgy bermegine görä, Lagard şeýle etmek bilen, wezipe ygtyýarlylyk möhleti 2027-nji ýylyň maýynda tamamlanýan fransuz lideri Emmanuel Makron hem-de Germaniýanyň kansleri Fridrih Mers üçin ÝB-niň iň möhüm institutlarynyň birine (Ýewropa Merkezi bankyna) täze başlyk bellemek mümkinçiligini döretmek isleýär.
Lagard 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda bu wezipede Mario Dragini çalşypdy. Bu barada çeşmelere salgylanýan «Financial Times» gazeti habar berdi diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.