18-nji fewralda Lužnikidäki Halkara sambo merkezinde Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow bilen UFC-niň çempiony Yslam Mahaçewiň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy netijesi türgeniň «Dünýäde sambonyň ilçisi» diýen hormatly adyň berilmegidir.
Çärede Wasiliý Şestakow Mahaçewiň sambony meşhur sport görnüşiniň bolmagyna goşan goşandyny belledi we oňa Halkara sambo federasiýasynyň ýadygärlik nyşanyny hem-de türgeniň familiýasy we federasiýanyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sambo göreşiniň lybasyny gowşurdy. Yslam Mahaçew başga bir lybasa gol çekip, ony Halkara sambo federasiýasynyň muzeýine tabşyrdy.
Täze derejäni kabul eden tanymal türgen UFC-niň resmi saýtyndaky şahsy sahypasynda sambony esasy söweş sungaty hökmünde görkezilýändigini belläp, bu sport görnüşini halkara derejede ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Mundan başga-da, Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Mahaçewi 2026-njy ýylyň noýabrynda Samarkantda geçiriljek Sambo boýunça 50-nji ýubileý dünýä çempionatyna gatnaşmaga çagyrdy.